Ýigrimi ýyla golaý wagt bäri görnükli alymlar durnukly ösüşe geçmegiň zerurlygy barada gürleşýärler. Şol bir wagtyň özünde, ilkinji täsiriň tersine, durnukly ösüş berkligi däl-de, çeýeligi göz öňünde tutýar.
"Durnukly" adalgasy iňlis dilindäki "sustainable " sözüniň terjimesidir. Terjimäniň dowamynda sözüň ikinji manysy gelip çykdy - "birek-birege baglylyk". Geljekdäki biznes düşünjesini hut şu many kesgitlär.
Biziň kompaniýamyz üstünlikli kompaniýanyň ähli alamatlaryna laýyk gelýär: kompaniýada ekologiýa taýdan arassa gurluşyk materiallaryny öndürilýär, ERP Logo Tiger dolandyryş hasap progrmmasy ulanylýar, ýokary bilimli hünärmenler işleýär.

Näme üçin ERP dolandyryş hasap ulgamy ulanýarys? Ilki bilen ammarlara gözegçilik we barlag, harytlary gorlary meýilnamalaşdyrmak, sargyt teklibi, resminama akymyny ýönekeýleşdirmek, hasaba almak, bermek, saklamak we kompaniýa resminamalary üçin başga-da köp funksiýalary - el zähmetini we adam faktorlary esasynda ýüze çykyp biljek ýalňyşlyklary azaltýar.

Häzirki wagtda kompaniýamyzda eýýam web sahypamyz we programmamyz bar. Kompaniýamyzdaky işgärleriň topary günsaýyn kämilleşýär. Işgärlerimiz üçin ýygy-ýygydan dürli okuw-sapaklar, kurslar we treningler geçirilýär. Biz diňe ýokary bilimli we başarnykly işgärleri işe alýarys

The Gochdash enterprise was founded in 2005. Main activity: distribution of construction materials, both imported and local production.

Contact Us

Ahal province Ak Bugdaý district Önümçilik zolagy Altyn-Asyr Gündogar market sector A2 146 shop
+993-61-862222
gochdash@gmail.com

Powered by Arassa Nusga. Gochdash © 2021