Gochdash kärhanasy 2005-nji ýylda esaslandyryldy. Esasy işjeňlik: import edilýän we ýerli önümçilik gurluşyk materiallaryny paýlamak. Kompaniýanyň müşderileri hem dükan, hem-de web sahypasy arkaly önüm sargyt edip biljek ahyrky sarp edijilerdir. Häzirki wagtda assortimentde 200-den gowrak SKU bar, olar 500-den gowrak söwda nokatlarynda gurluşyk maksatly satylýar. Kompaniýanyň önümlerine isleg bazarda üstünlikli ösýär. Kompaniýa ösüşiň indiki tapgyryna geçmäge taýýardyr. Kompaniýa biznesi dolandyrmakda ýokary tehnologiýaly çemeleşmäni ulanýar we Türkmenistanda gurluşyk materiallaryny iň ösen paýlaýjylardan biridir. Kompaniýamyz häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan öndürijiler, üpjün edijiler, satyjylar we sarp edijiler arasynda ýeke-täk merkez hökmünde özüni görkezýär. Adaty ugurlar we paýlaýyş kanallary bilen işleýäris we tejribämize, bilimimize we gurallarymyza bil baglap, onlaýn we awtonom görnüşde işjeň işleýäris.

Biziň Üstünliklerimiz

Häzirki zaman hasapçylyk ulgamy

Logo ERP (iňlis dilinden - dolandyryş ulgamy) ammarlara, inwentar meýilnamalaşdyrylyşyna, sargyt teklibine gözegçilik etmäge kämilleşýär. Gochdash-da ulgamyň ulanylmagy resminama akymyny, dizaýny, berilmegini, parametrleşdirilmegini, saklanyşyny we beýleki kompaniýanyň köp sanly funksiýalaryny aňsatlaşdyrýar. ERP ulgamy kompaniýanyň işleşiniň prinsiplary hemmeler üçin düşnükli edýär: hem işgärler, hem dolandyryş topary üçin.

Dürli marketing kanallary

Müşderilere wagtyny we puluny tygşytlaýän Onlaýn söwda gün-günden meşhurlyk gazanýar.

Web sahypamyzy, dürli internet marketing gurallar arkaly esasy alyjylary özüne çekýar. Web sahypamyzyň dizaýnyny täzelemegi we smartfon uçin programmanyň çykmagy müşderilerimizi kompaniýa bilen has amatly tanyşmagyna goşant goşýar. Programmamyzy Android ýa-da IOS üçin ýükläp alyp bilersiňiz

Düýpli analitika

Düýpli analitika hyzmatlary- dürli çeşmelerden sargytlar, satuwlar we girdejiler barada maglumatlary ýygnaýan we jemlenen hasabatda birleşdirýän gurallardyr.

Düýpli analitika ulgamyň ulanylmagy, kompaniýamyzyň döwür bilen yzygiderli hereket edýändiginiň jedelsiz subutnamasydyr. Biznes dolandyryş shemalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy Goçdaşyň üstünliginiň kepilligi.

Harytlardan baý assortimenti

Gurluşyk materiallaryny öňdürmekde köp ýyllyk tejribesi bolan, Goçdaş her bir alyja islendik býudžetyna dogry gurluşyk, abatlaýyş önümleri saýlamaga mümkinçilik berýär. Bizde şol aşakdaky elýeterli harytlarymyz bar:

  • Dürli reňklerde ýasalan Alçipan
  • Öňünden we soňunda bejermäge diwarlar üçin gury garyndylar
  • Alkil-anamed boýaglaryň giň gerimi
  • Islendik reňkdäki akril reňkleýji görnüşleri.
Goçdaş kompaniýada müşderiň islegi - kompaniýanyň esasy ähmiýeti we gymmatydyr. Her bir müşderi mugt eltip bermek görnüşinde ajaýyp bonus alar.

gochdash-goods

Powered by Arassa Nusga. Gochdash © 2021